logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Yzgant şäherçesinde «Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň» atly maslahat geçirildi
  17.08.2022
757
Yzgant şäherçesinde «Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň» atly maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde, Ahal welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Nusgalykdyr päk ykbaly atamyň» atly maslahat geçirildi. Maslahata Gökdepe etrabynyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, oba, şäherçe geňeşlikleriniň arçynlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarydyr Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Maslahat hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Medeniýet köşgüniň öňündäki giň meýdança görk goşup oturan nurana ýadygärligine gül goýmak çäresinden başlandy. Maslahata gatnaşyjylar ýadygärligiň etegine ter güllerden boglan çemenleri goýup, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň ruhuna tagzym etdiler, beýik ynsany sarpaladylar.