logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Zähmet bäsleşiginiň Tejen etrap tapgyry geçirildi
  25.04.2023
783
Zähmet bäsleşiginiň Tejen etrap tapgyry geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bilelikde yglan eden «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» atly zähmet bäsleşiginiň Tejen etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşige Tejendäki awtoulaglar kärhanasynda zähmet çekýän awtobus, ýeňil awtoulag, ýük awtoulagy we dürli ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň sürüjileri gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanan Awtoulagyň gurluşy we tehniki ideg dersi boýunça, ýol hereketiniň düzgüni we ilkinji medisina kömegi boýunça, Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalary boýunça synag sowalnamalary boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýörite emin agzalar tarapyndan bäsleşige gatnaşyjylaryň sowallara beren dogry jogaplary netijesinde ýeňijiler kesgitlendi. Bäsleşigiň netijesinde ýolagçy awtoulaglaryň sürüjisi Berdiýew Röwşen, ýük awtoulaglagynyň sürüjisi Hudaýberenow Agabaý ýeňiji boldular.

Ýeňijilere Tejendäki awtoulag kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

Rejep NURYÝEW, 

Tejendäki awtoulag kärhanasynyň 
kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji 
guramasynyň başlygy.