logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Zähmet soňy eşret
  18.01.2021
651
Zähmet soňy eşret

      Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halallygyň, rysgal-berekediň, döwletliligiň ajaýyp eýýamy hökmünde hakydalara hemişelik ýazyldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň häzirki dowam edýän günlerinde ýurdymyzyň altyn gaznasy hasaplanýan türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri hemmeleri guwandyrýar. Ýurdymyzda kiçi we orta telekeçiligiň goldanmagy netijesinde hususy önümçilik bilen meşgul bolmak isleýänlere giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiziň “Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda” kararyna laýyklykda banklardan ýeňillikli karz pul almaga mümkinçilik döredildi. Ile-güne haýyrly iş edýän adam ýa-da köpüň göwnüne ýaraýan önümleri öndürýän telekeçiniň at-abraýy bahym uzaklara ýaýraýar. Ynha şeýle zähmetsöýer telekeçileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy, edermen zenan telekeçi Merjen Kürýazowa. Öz işine ussat telekeçiniň önümçilikde, gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde we ýerlemekde baý tejribesi bar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginiň çäginde 2 gektar meýdanda ýyladyşhana ulgamyny gurup, pomidor ösdürip ýetişdirmeklige niýetlenilen. Ýyladyşhanada Türkiýa döwletinden alynan döwrebap enjamlaryň oturdylmagy ýokary hilli önüm almaga ýardam berýär. Ýyladyşhanada “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylda 450-500 tonna pomidor ýetişdirip ýurdumyzyň bazarlarynda we daşary ýurtlarda isleg bildirýän taraplara elýeter bahadan satmak meýilleşdirilýär.

     Ýyladyşhananyň ýurdymyzyň önümçiliginde azyk bolçulygyny döretmekde, döwletiň azyk garaşsyzlygyny gazanmakda, daşary ýurt döwletlerinden getirilýän gök önümleriň azaldylmagyna, gök önümiň bahasynyň halkymyz üçin elýeter bahalardan satylmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär-diýip öz işine ussat telekeçi Merjen Kürýazowa uly buýsanç bilen belläp geçýär.

      Dogrudanam gursagy hyjuwdan doly, Watana bolan söýgüden doly ussat telekeçiniň öňde goýan maksatlary bagta rowana! Halkymyzyň bagtly geljegi üçin bimöçber aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!