logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Zähmet soňy - rehnet
  03.08.2021
743
Zähmet soňy - rehnet

Tejen etrabynyň Dostluk daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Nedirgala” hususy kärhanasy esasan pamidor goýatmagyny öndürmek bilen meşgullanýar. Bu kärhana ekologiýa taýdan arassa çig maldan öndüren ýokumly pamidor önümleri bilen ilat arasynda uly meşhurlyk gazandy. Kärhananyň dürli görnüşli pamidor önümleri Diýarymyzyň söwda nokatlarynda iň geçginli önümlere öwrüldi. Munuň şeýle bolmagynda önümçilik bölümlerindäki häzirki zaman azyk tehnologiýalarynyň ähmiýeti uludyr.

Kärhanada ýörite şol önümleri banka we beýleki gaplara gaplaýan ýörite seh işleýär. Bu ugurda işleýän telekeçi işewürler ýerine ýetirýän işleriniň hiline uly üns berýärler. Agzalan kärhana tarapyndan halkyň goýatmak önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen uly iş alyp barýarlar. Bu ugurda işleýän daýhan hojalyklary we kärendeçi daýhanlar bilen ýörite şertnamalar baglaşýarlar. Şeýle hem olar tarapyndan halk köpçüliginiň pamidor goýatmagyna, üwmejine, şerbetine bolan isleglerini has hem içgin öwrenýärler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan häzirki günlerimizde azyk önümleri bilen ýurdumyzyň ilatynyň saçagyna bereket goşýan kärhananyň işçi-hünärmenleriniň zähmet gadamlary barha batlanýar. Bu kärhanada häzirki zamanyň ülňelerine laýyk gelýän döwrebap ýyladyşhana bolup, onda güýzlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmeklik bilen baglanyşykly işler hem alnyp barylýar