logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Zähmet üstünliginiň buşlugy
  02.07.2021
588
Zähmet üstünliginiň buşlugy

     Babadaýhan etrabynyň edermen gallaçylary öz öňlerinde goýan asylly maksadyna ýetdiler. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanjak ýylynda Babadaýhan etrabynyň gallaçylary däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn abraý bilen berjaý etdiler. Galla gymmatly azyklyk ekindir, azyk bolçulygynyň gözbaşydyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň gallaçy kärendeçileri ekin meýdanlarynda yhlas bilen işlediler we ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler. Tylla öwüşginli meýdanda ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalmagyny gazandylar. Netijede ak bugdaýly meýdandan ýygnalan hasyldan belent harmanlar döredi. Möwsümde kuwatly däne orujy kombaýynlaryň 100-e golaýy çalşykda işledildi. Işleriň ýörite meýilnama esasynda guramaçylykly alnyp barylmagy aýry-aýry daýhan birleşikleriniň gallaçylarynyň has oňat netijeleri gazanmagyna şert döretdi. Etrabymyzyň medeniýet işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolsa, bu asylly işde gallaçylaryň armasyny ýetirdiler. Agzybir çekilen zähmet hemişe-de özüniň ajaýyp miwesini berýär. “Zähmet soňy-rehnet” diýlişi ýaly, Babadaýhanly gallaçylaryň gazanan bu üstünligi etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň göwünlerini ganatlandyrýar we çäksiz buýsandyrýar.