logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /ZÄHMETI GORALYŇ
  11.04.2023
1007
ZÄHMETI GORALYŇ

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Kaka etrap prokuraturasynyň bilelikde gurnamagynda Kaka etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda  «Zähmeti goralyň» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Onda kärhanada zähmet çekýän işgärler üçin döwrebap şertleriň döredilişi, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň ýola goýluşy, zähmet we zähmeti goramak bilen baglanyşykly kanunçylygyň hem-de resminamalaryň berjaý edilişi barada gürrüňler edildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow hem öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen zähmetkeş adamlar hakynda edilýän aladalaryň her ädimde äşgär duýulýandygy aýratyn nygtaldy. Häzirki wagtda döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalary gurdurýandygy, şeýle-de amatly şertlerde işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. 

 

Gadam ÖWEZNIÝAZOW, 

Kaka etrap prokurarynyň 
kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.