logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /“Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir” ady bilen okuw maslahaty geçirildi
  24.04.2022
1052
“Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir” ady bilen okuw maslahaty geçirildi

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň awtoulag kärhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat hem-de Tejen etrap birleşmeleri tarapyndan guralan “Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna kärhananyň degişli hünärmenleri gatnaşdy.

Maslahat - zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişiniň üpjün edilmegini gazanmak, önümçilikdäki betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen geçirildi.