logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Zähmetkeş maldarlara Hormat
  08.10.2021
758
Zähmetkeş maldarlara Hormat

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda ähli pudaklara  özüniň rysgal-bereket bolçulugyny eçildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumuzyň maldarlarynyň öňünde halkymyzy maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmegi, dowarlaryň baş sanyny we onuň önümçiligini ýokarlandyrmagy möhüm wezipe edip goýdy. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň goýan möhüm wezipelerine hötde gelmeklik üçin Babadaýhan etrabynyň çopanlary hem yhlasly zähmet çekip maldarçylyk hojalygynyň ösmegi ugrunda özleriniň şahsy goşantlaryny goşup, zähmet üstünliklerini has-da şöhratlandyrýarlar.

      Şeýle-de, Babadaýhan etrabynyň maldarlaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.Ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp bolan zähmetkeş maldarlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk hojalygyny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalalary çopanlara berýän goldaw kömekleri, işlemäge döredip berýän mümkünçilikleri üçin çäksiz minnetdarlyk bildirip, buýsanç bilen alkyş sözlerini aýtdylar.