logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Zähmetkeşleriň armasy ýetirilýär
  21.10.2020
724
Zähmetkeşleriň armasy ýetirilýär

     Şu günler Babadaýhan etrabynda pagta ýygymy depginli dowam edýär. Etrapda oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsümiň guramaçylykly alnyp barylmagynda pagtaçylara edilýän medeni hyzmat uly ähmiýete eýedir. Etrabyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde günorta çagy gysga wagtlyk arakesme wagtynda guralan çäre ýakymly duýgulara beslendi. Etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TDP-nyň etrap komitetiniň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-nyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçen medeni çärede zähmetkeşlere „Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany“ ýylyny zähmet üstünliklere beslemekleri, “ak altynyň” ýekeje hanasyny hem yrýa  etmän ýygnamaklary arzuw edildi. Ol ýerde aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Çärä pagtaçy kärendeçiler, ýygymçylar, mehanizatorlar we möwsüme dahylly beýleki zähmetkeşler gatnaşdylar. Bu gyzykly geçen çärede etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Watanymyzda bitirlýän beýik işleriniň waspy ýetirildi. Joşgunly tans çykyşlary we ýaş aýdymçylaryň aýdan aýdymlary, wäşilerimiziň ýerine ýetiren gülkili sahna çykyşlary zähmetkeşlerde ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Çäräniň ahyrynda kombaýynçylara, öňdebaryjy kärendeçilere, ýüwrük elli ýygymçylara etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.