logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Zähmetsiz iş bolmaz
  17.04.2021
661
Zähmetsiz iş bolmaz

     Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeginde ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalarda öndürilýän önümleriň ene topragyň sahawaty bilen utgaşyp, ak bazarlarymyzyň berekedine bereket goşýar. Halkymyz “Ýaz aksyzdan, güýz göksüzden maslahat sorama” diýen pähimli sözlerden ugur alyp, bu söz – agyny – gögüni özi üpjün edip, rysgyny ene toprakdan öndüren halkyň sözidir. Şu sözlerden ugur alyp, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çäginde ýerleşýän, häzirki zaman ýyladyşhanasynyň ýolbaşçysy telekeçi Döwlet Öwezmyradowyň 0,60 gektar meýdanda häzirki zaman enjamlar we inawasion tehnalogiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhanada, häzirki wagtda dürli görnüşdäki gök önümler ösdürilip ýetişdirilýär.

Bu ýyladyşhanada ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlary agrotehniki talaplara doly laýyk ýola goýulypdyr. Bu döwrebap ýyladyşhananyň ekerançylary gök önümleriň ýokary hilli we bol hasylynyň ilkinji miweleri ýygnalyp başlady. Şeýle hem bu ýerde ýaşlarymyzyň yhlas we hyjuw bilen zähmet çekýändiklerini, bol hasylyň ýetişdirilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Şeýle-de ýylladyşhananyň işgärleriniň arasynda bäsleşikler geçirilip, ýeňijileri ýörite sowgatlar bilen sylaglanylýar. Munuň özi bolsa ak bazarlarda gök önümleriň möçberiniň has hem artmagyna galyp barýar.