logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Zähmetsöýer nesilleriň 140 sanysy Ýaşlar baýragyna eýe boldy
  24.11.2023
763
Zähmetsöýer nesilleriň 140 sanysy Ýaşlar baýragyna eýe boldy

Ýakynda 2023-nji ýylyň 16-njy 18-nji noýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň "Beýik ýüpek ýolunyň täze eýýamy" atly ýaşlar forumunyň ýokary derejede geçirilmegi şeýle hem 18-nji noýabrda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli guramanyň Merkezi Geňeşiniň yglan etmeginde her ýylda ýokary derejede geçirilýän ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirildi.

 

 

Dabarada Watanymyza wepaly, türkmençilik ýol-ýörelgelerine ygrarly, zähmetsöýer nesilleriň 140 sanysynyň Ýaşlar baýragyna eýe bolmagy ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň has çuňdugyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu dabarada biziň Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň Medeniýeti öwreniş kafedrasynyň Mugallymy Guwançmyrat Amangeldiýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary:

 

 

Ýunus Allanazarow, Sähra Nurjanowa şeýle-de Ähmet Öwezowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagy biziň ýokary okuw jaýymyz üçin buýsanç bilen bellärlikli ýagdaýdyr. 

 

 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlardan edýän tamasyny ödäp Watany söýmekde mukaddes topraga wepaly bolup okap bilimimizi artdyryp ýurudmyzyň abraýyny has-da belende galdyrarys.

Aýgözel MUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.