logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Zähmetsöýerlik bilen bagly paýhas dürdäneleri
  26.12.2022
1376
Zähmetsöýerlik bilen bagly paýhas dürdäneleri

Aýdymsyz Gün batmaz, zähmetsiz gün ötmez.

Eli işläniň, agzy dişlär.

Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz.

Işiň janyny işlän alar.

Peltesiz çyra ýanmaz, hünärsiz ile ýaramaz.

Altyn otda bilner, adam – zähmetde.

Halal zähmet – baky döwlet.

Işläne – bar, işlemedik – nana zar.

Bag – ekeniňki, ýap – çekeniňki.

Zähmetiň nany süýji, ýaltanyň – jany.

Ýazdaky hereket, güýzki – bereket.

Çekmeseň jepa, sürmersiň sapa.

Iş etmän ilden öýkeleme, ekin ekmän – ýerden.

Zähmet soňy – rehnet.

Iýme namart nanyny, galar diş arasynda.

Jepakeşiň nany şirin, jany gaty.

Işi akyl bilen tut, zehin bilen gutar.

Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet.

Jepasyny çeken wepasyny görer.

Işi balarysyndan öwren, agzybirligi – goýun sürüsinden.

Halal işle, haýyr tap.

Işi owal başlama, başladyňmy, taşlama.

Hünär eýesini eziz eder.

Tomsuna saz çalan, gyşyna gapy kakar.

Sen ýeri ýer etseň, ýer seni ner eder.

Hünäri ýok kişiniň, netijesi bolmaz işiniň.

El görki – hünär.

Ýaşlygymda mähnet ber, garranymda – döwlet.

Edenli adam topragy altyna öwrer.

Ýer – bakany bakar, bakmadygy – ýykar. 

 

Toplan: Selbi ANNABAÝEWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.