logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Zehinli filologlar bilen söhbetdeşlik» atly bäsleşik geçirildi
  05.11.2022
913
«Zehinli filologlar bilen söhbetdeşlik» atly bäsleşik geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda  talyplaryň okuwa bolan höwesini ýokarlandyrmak şeýle-de geljekki hünärlerini saýlamaga kömek etmäge urukdyrmak maksady bilen «Zehinli filologlar bilen söhbetdeşlik» atly bäsleşik geçirildi. Geçirilen bäsleşigiň çäklerinde birnäçe ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary filolog—mugallymyň keşbini synap gördüler. Talyplar filolog—mugallymlaryň kärine içgin girişmegi, täze hünärleri öwrenmegi we gyzykly tanyşlyklary açmagy başardylar.

Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, oňa diňe daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny däl-de, eýsem dürli ugurly hem-de hünärli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi, bu bolsa Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezdi.