logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /ZEHINLILER ÖŇDÄKI ORUNLARDA
  18.05.2020
1328
ZEHINLILER ÖŇDÄKI ORUNLARDA

      Ýurdumyzyň bilim işgärleri bilimli nesil - kuwwatly watan diýen pähimli sözlerden ugur alýarlar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň etrap, şäher, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşikler muňa şaýatlyk edýär. Bäsleşikleriň geçirilmeginiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň zehinlileriniň zehinlerini ýüze çykarmakdan ybarat bolup durýar. Şonuň üçin hem her ýylda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinlileri” atly bäsleşige we ylmy taslama Tejen şäheriniň okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşýarlar.

      Şeýle-de, “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany”  ýylynda Tejen şäheriniň mekdep okuwçylarynyň giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli bolmagy ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Olar etrap, şäher, welaýat we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Tejen şäheriniň mekdep okuwçylary dersleriň 10-sy boýunça ders bäsleşiklerinde diýseň üstünlikli çykyş etdiler. Olar “Altyn asyryň altyn zehinlileri” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda okuwçylaryň 9 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Ylmy taslamada bolsa okuwçylaryň 4 sanysy zehinleri bilen tapawutlanyp baýrakly uly 3-nji oruna düşmegi başardylar.  

     Bäsleşigiň ýeňijileri şäher bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hormat hatlary we ýadigärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.