logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Zehinlilere baýrakly orunlar
  11.02.2020
989
Zehinlilere baýrakly orunlar

     Yurdumyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, düşünjeli bolmagy üçin dünýä derejesindäki beýik hem tutumly işleri durmuşa ornaşdyrýar. Olara etrap, şäher, welaýat, döwlet, halkara derejelerindäki jemgyýetimiziň ösüşleri bilen baglanyşykly bäsleşiklere gatnaşmaga giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Munuň şeýledigini golaýda “Altyn asyr altyn zehinlileri” atly bäsleşigiň Tejen etrap tapgyrynyň geçirilmegi hem doly şaýatlyk edýar.

      Bu bäsleşige  Tejen etrabynyň orta mekdepleriniň 29-syndan dürli derslere höwesjeň okuwçy-ýaşlaryň 180 sanysy diýseň uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar dersleriň 10 görnüşi boýunça zehinlerini synadylar. Okuwçy ýaşlar bäsleşigiň dersler boýunça sowallara takyk jogap bermek üçin yhlaslaryny gaýgyrmadylar. Netijede olaryň 90 sanysy baýrakly orunlara mynsyp boldular. Bäsleşigiň dowamynda toparlaýyn  görnüşinde 2-nji, 5-nji, 6-njy orta mekdepleriniň okuwçylary has hem tapawutlandylar. 2-nji orta mekdebiniň 9-njy synpynyň okuwçysy Şirin Amanmuhammedowa türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça, 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynyň okuwçysy Rahat Garataýew taryh dersi boýunça, 6-njy orta mekdebiniň 9-njy synpynyň okuwçysy Begenç Amanmyradow informatika dersi boýunça, 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynyň okuwçysy Hydyr Hydyrow iňlis dili dersi boýunça has hem tapawutlanyp baýrakly 1-nji orunlara düşmegi başardylar.

       Bäsleşigiň ýeňijilerine etrap bilim bölüminiň hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de olar bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmagyna hukuk gazandylar.