logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Zeminiň zynaty-zenanlar
  20.12.2020
778
Zeminiň zynaty-zenanlar

      Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. “Zeminiň zynaty — zenanlar” atly bu dabara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guraldy.

       Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän bagtyýar zenanlaryň, mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan dabarada Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine zenanlaryň goşýan saldamly goşandy, olaryň mynasyp zähmeti, durmuşy we dynç almagy, syýasy, ykdysady we  jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna  gatnaşmagy ugrunda döredilýän şertler dogrusynda täsirli söhbet açyldy.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde “Ene mähri” merkezlerini gurulmagynyň, köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly atlaryň dakylmagynyň, önümçiligiň dürli pudaklarynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanmagynyň, ýaş enelere durmuş ýeňillikleriniň berilmeginiň hem hormatly Prezidentimiziň zenanlar hakda edýän bimöçber aladasynyň subutnamasydygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tükeniksiz aladalary bagtyýar zenanlary päk döredijilikli, netijeli zähmet çekmäge, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji nesilleri terbiýelemäge ruhubelentlik berýär.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň medeniýet merkeziniň dutarçy bagşylarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym-sazlaryny diňlemek, etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisini synlamak oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.