logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /“Zenan edebiniň zynaty”
  18.11.2019
1547
“Zenan edebiniň zynaty”

    “Türkmenistan rowaçlygyň–Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň ösüşlerden-ösüşlere beslenýän her bir güni şanly wakalara aýdym-sazly dabaralara beslenmek bilen Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň döredijilik toparynyň gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda Milli Ak bugdaý muzeýinde “Zenan edebiniň zynaty” atly aýdym-sazly halk döredjilik çäresi geçirildi. Bu çärede aýdym-sazly zähmetkeş zenanlarymyzyň ýerine ýetirmeginde läleler, monjygatdylar, toý aýdymlary, hüwdiler ýaly çykyşlar edilip, bularyň hemmesi hiňlenmek bilen ýerine ýetirildi. Halk döredijiliginde zenanlarymyzyň üýtgeşik heňi we özboluşly çykyşlery bilen çärä gatnaşyjylarda unudylmajak täsir galdyrdy. Şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň garamagyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary, çeperçilik sungaty  hem-de türkmen gelin-gyzlarynyň ussatlyk bilen döreden asyrlaryň dowamynda eli çeper kümüş saçly mährem enelerimiziň elleri hünärli el işleriniň sergisi gurnaldy. Bu sergide görkezilen el işleriniň çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 

    Geçirilen çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar bilen birlikde Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň döredijilik toparlary sungatyň we medeniýetiň kämileşmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.