logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Zenan türgenlerimiziň üstünlikleri
  25.01.2021
752
Zenan türgenlerimiziň üstünlikleri

     Beh, bu günleriň täsinlidigni diýseňizläň! Bir günüň buşlugynyň ýakymly kalbyňa doly siňdirip ýetişmänkäň ertirki gün täze bir buşluk bagyşlaýar. 14-15-nji ýanwar günleriniň ýakymy özüňize belli. 16-njy ýanwarda bolsa Türkmenistanly türgen gyzyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony diýlip yglan edilendigi barada hoş habary aldyk. Özi-de bu ýakymly wakalryň her biri bir milletiň, bir döwletiň serhedinden has giň. Ählisi hem halkara çäkler bilen baglanyşýar. Görüň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly nähili şanly, nähili mertebeli ýyl!

16-njy ýanwar güni “Watan” habarlar gepleşiginde eşiden hoş habaryňyz her birimiziň kalbymyzda begenç oýardy. Howa, Türkmenistanly agyr atletikaçy türgen Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempiony boldy. Özi-de bu derjä ýetip bilen ilkinji zenan türgenimiz. Mundan üstesine-de 28 ýyldan soňra, ýurdumyza agyr atletika boýunça dünýä çempionlygyny getiren türgen. Bu diýseň uly waka! Türkmen sportynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylmaga tüýs mynasyp waka.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bäşinji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji Türkmenistanly zenan hökmünde taryha girdi.

Agyr atletikanyň diňe bir Türkmenistandaky däl eýsem, bütin Ýer ýüzündäki taryhynda öçmejek yz goýan Altymyrat Orazdurdyýew üç gezek dünýä çempiony bolupdy. Onuň soňky çempionlygyna şu ýyl 28 ýyl dolýar. Dogry, çempionlyk uzak garaşdyrdy, ýöne geldi. Dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa sport äleminiň gapysyndan ýaňy bir sereden türgenlerimiz üçin täze gahrymana, täze göreldä öwrüldi. Iň esasy zat bolsa türgenlerimiz dünýä çempiony bolup boljakdygyna ynandylar, dünýänäm ynandyrdylar. Indiki maksat Olimpiýa çempionlygy! Bu sepgit hem indi uzak däl. Çünki Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşyp gören daşary ýurtly türgenlerdir tälimçileriň edil dil birikdiren ýaly aýtmagyna görä türkmen türgenleri iň döwrebap şetrleriň gurşawynda türgenleşýärler. Sportymyzyň Howandary Gahryman Arkadagymyz olara giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyşlarmyzyň çägi ýok. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!