Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Zenanlaryň bäsleşigi
  01.02.2021
367
Zenanlaryň bäsleşigi

     Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzda buýsanjymyzdan, aýdyň hem parahatçylyk söýüji maksatnamalarymyzdan ugur alyp, täze 2021-nji ýyla “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilen ýylynda “Kitap umumy adamzat gymmatlygydyr” diýen şygar bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň düzgünnamasyna laýyklykda “Türkmeniň Döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Zenanlar guramasynyň hem-de etrap Bilim bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda Sarahs etrabynyň çagalar baglarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda bäsleşige gatnaşan zenanlar bäsleşigiň üç şerti boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň I-şertine laýyklykda zenanlar welaýatymyzdaky we etrabymyzdaky ösüşleri buýsanç bilen wasp edip, Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň Ahal welaýatyna degişli sahypalarynda bir parçany labyzly, owadan we kalbyňa ornar ýaly çeper okaýyş görnüşinde ýerine ýetirdiler. Soňra bäsleşigiň II şertine laýyklykda zenanlar kitapda beýan edilen rowaýatlardan we wakalardan bir pursady janly keşpde sahnalaşdyryp, öz ukyp başarnyklaryny erjellik bilen görkezdiler. Bäsleşigiň III şertinde bäsleşige gatnaşan zenanlar aýdym-sazyň, goşgudyr çeper okaýyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Netijede, bäsleşikde baş baýraga Sarahs etrabynyň 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Bazarowa Gülşat, I orna etrabyň 2-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Gülaýym Ilmyradowa, II orna bolsa etrabyň 1-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Oguljahan Jumanyýazowa, III orna bolsa etrabyň 7-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Gunça Jumaýewa dagylar mynasyp boldular. Ýeňiji bolan zenanlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.