Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Zeper ýeten organlary bejermäge ukyply «öýjükli ýelim» döredildi
  19.12.2022
865
Zeper ýeten organlary bejermäge ukyply «öýjükli ýelim» döredildi

ABŞ-ly alymlar zeper ýeten organlary we nerwleri täzeden dikeltmek üçin «öýjükli ýelim» oýlap tapdylar.

Kaliforniýa uniwersiteti, San-Fransisko şäherinde, adam bedenindäki öýjükleriň biri-biri bilen baglanyşmagyna mümkinçilik berýän bir topar sintetiki molekulalary döretdi. Bu molekulalar bilelikde öýjükli ýelim bolup, dokumalary, nerwleri birleşdirýär we hirurgiki operasiýanyň düzedip bilmedik, zeper ýeten organlaryny täzeden dikeldýär.

Geçirilen gözlegleriň netijesinde bu molekulalary iş ýüzünde ulanyp bolýar. Şonuň üçin lukmanlar ýakyn geljekde hassalaryň ýaralaryny bejermek üçin öýjükli ýelimi ulanyp bilerler.

Geljekde käbir hassalarda şikes ýetenligi zerarly ulanyp bolmajak hasaplanylýan nerwleri täzeden dikeltmek, hatda öýken, bagyr we beýleki zeper ýeten möhüm organlary täzeden dikeltmek mümkin bolup biler.

Oýlap tapyşyň öwrülişik edip biljek başga bir ugry, organ transplantasiýasy bolup biler. Göçürilen organlary tutuş bedene uýgunlaşdyryp bolýan bolsa, organ transplantasiýasyna garaşyp aradan  çykýan hassalaryň sanynyň azalmagy mümkin. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.