logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Zergärleriň arasyndaky bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
  21.06.2023
822
Zergärleriň arasyndaky bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

Golaýda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yglan edilen «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. «Gökdepe» Milli muzeýinde guralan bäsleşige zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz gatnaşyp, onuň «Syrly sungat», «Sungatym bar — hormatym bar», «Altyn kümüş gudraty, zergärleriň sungaty» ýaly şertlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Türkmen zergärçilik sungatynyň milli aýratynlygyny açyp görkezmek, zergärleriň döredijilik ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, ýaşlarda zähmetsöýerligi ösdürmek hem-de zergärçilik sungatyna höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma eýe boldy. Aýdym-sazly çykyşlara beslenen bäsleşikde Leýla Amanmyradowa hem-de Begmyrat Gylyçmyradow ýaly ýaş zergärler ýeňijiler diýlip yglan edilip, olar döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.