logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Zergärlik ýolunyň synmaz sütüni
  30.10.2021
735
Zergärlik ýolunyň synmaz sütüni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz barha gözelleşýär. Bu günki gün Türkmen sungaty dünýä aýlanýar. Güýz paslynyň şahyry hasaplanylýan G.Ezizow “Sungat näme” diýen şygyrynda:

  Sungat diýmek näme?

  Bilýärmisiňiz?

  Bu sowala  sada  jogap bermeli.

  Biz herimiz özümiziň zergärmiz,

  Mydam özümizi ýönup ýörmeli.

  • diýip belläp geçýär. Zergärlik sungaty ata babalarymyzdan biziň häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten sungatlaryň biridir. Şahyr G.Ezizowyň kakasy hem zergärlik sungaty bilen meşgul bolupdyr. Muny şahyryň:

  Meň atamda zehin ýokdy üýtgeşik,

  Ýöne öz kärini ýürekden söýdi,

  Gaş bilen diwalaň goşunyn çatyp,

  Gyzyldyr kümüşiň nikasyn gyýdy

  • diýen setirlerinde şaýatlyk edýär. Elbetde Türkmeniň “Ata kesbi ogla halal” diýen pähimine eýerip G.Ezizow hem zergärlik sungaty bilen meşgul bolupdyr. Türkmen edebiýatynda şahyr Gurbannazar Ezizowdan başgada ondan irki döwürde ýaşan XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili alym, Filosof Magtymguly Pyragy hem zergärlik sungatynda özüniň uly yzyny goýandyr. Şahyryň söýgüsini, mährini siňdirip ýasan bilezikdir, kökenli ýüzükleri hem şu wagta çenli türkmen mirasyny bezäp durandyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine gözellik goşýan altyndyr, kümüşleriň gadyr-gymmaty hasda artýar. Gelin gyzlarymyzyň dakynýan şaý-sepleri altyndyr kümüşleri türkmeniň gowgaly durmuşynda hem özüniň kömegini ýetiripdir. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

   Nirde meniň Gülýakam, nirelerde ýörüsiň,

   Bombeýdemi, Delide niçik sergide dursuň?!

  • diýip, ýazan şygyry hem türkmen fonduna tabşyrylýan altyndyr kümüşleriň hatarynda şahyryň öz elinden ýazan eseriniň hem bardygyny şahyr öz goşgy setirlerinde beýan edýär. Bu bolsa türkmen sungatyny dünýä ýüzüne ýaýratmaga baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.