logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Zinjibir oty
  16.09.2021
1032
Zinjibir oty

Zinjibir oty günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýran ösümlikdir. Ol häzirki wagtda howpsuz iýmitleriň sanawynda durýar we lukmançylykda dürli keselleri bejermekde peýdalanylýar. Zinjibir her ýurtda dürli-dürli atlandyrylýar. Ýagny, “zenjefil, imbir” ýaly atlandyrylyp, onuň ylmy ady Zinjibirdir.

Zinjibir oty ähli ýaşlarda sowuklama we dümew ýaly kesellere hem-de beýleki ýokançlara garşy göreşmek üçin bellenen. Ol adamyň bedeniniň immuno gurluşyny berkidýär. Bedeniň ýyly bolmagy üçin çaý görnüşinde ulanylyp bilner. Ol iýmit siňdirişde has peýdaly. Alymlar tarapynda, onuň iýmit siňdiriş prossesini ýeňilleşdiriji häsiýetiniň bardygy ýüze çykaryldy. Nahardan soň ýokarlanýan şeker derejesi aşgazanyň düzümindäki tebigy boşlugyň peselmegine sebäp bolup biler. Zinjibir bedendäki şekeriň derejesiniň ýokarlanmagyny kadalaşdyrýar we aşgazanyň şeker bilen bagly işjeňligini köşeşdirýär.

Zinjibir oty çaý, ýörite kofe, limon kokteýli we süýjülik içimliklerde hem giňden ulanylýar. Mundan başga-da, Zinjibir  halkyň gündelik ulanýan harytlary bolan, sabun, şampun we atyr ýaly ösümlik önümlerinde zerurlygy bilen tapawutlanýar.

Zinjebir oty häzirki wagtda, Türkmen halk lukmançylygynda giňden ulanylýar.