Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Žurnalist, fotosuratçy we nakgaş Wladimir Mihaýlowiç Komarow aradan çykdy
  31.01.2023
929
Žurnalist, fotosuratçy we nakgaş Wladimir Mihaýlowiç Komarow aradan çykdy

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti fotosuratçy we nakgaş Wladimir Mihaýlowiç Komarow 78 ýaşynda aradan çykdy. 

Wladimir Mihaýlowiç Komarow barada aýdyp geçsek: 

Wladimir Komarow türkmen žurnalistikasyna önjeýli goşant goşan adamlaryň biridir. Wladimir Komarow öz döwürdeşleri ýaly uçarman bolmak arzuwy bilen mekdebi tamamlapdyr. Ata-enesi Aşgabat ýer titremesinde wepat bolansoň oglanjygy babasy bilen mamasy ekläp-saklapdyr.

Wladimir Komarow mekdebi tamamlandan soň Riganyň radiotehnikleri taýýarlaýan raýat awiasiýasynyň ýörite gulluklary uçilişşesine okuwa giripdir. Okuwy tamamlanlarynda olara Uzak Demirgazyga, Sibire, Uzak Gündogara gitmäge mümkinçilik berilipdir. Ol Aşgabada gaýdyp gelip, bu ýerde raýat awiasiýasy müdirliginde tehnik bolup işe başlapdyr.

Wladimir Komarow heniz okaýan wagtlary şygyrýete göwün beripdir. Woznesenskiniň. Roždestwenskiniň, Ahmadullinanyň, Dementýewiň goşgylaryndan ruhlanyp, ilkinji goşgylaryny ýazyp ugradyr. Ol uçilişşäni tamamlandan bir ýyl soň Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň agşamky bölümine okuwa girip, fotografiýa bilenem gyzyklanyp ugradyr.

Ol «Воздушная трасса» gazetine işe çagyrylyp, şol ýerde işläp başlaýar. 1974-nji ýylda Wladimir Mihaýlowiçe «Вечерний Ашхабад» gazetiniň senagat bölüminiň habarçysy bolmagy teklip edenlerinde ol muňa razy bolupdy, çünki hünär taýdan ösmegi üçin oňa täze mümkinçiikler açylýardy. Güýjüňi başga bir zatda synamak, özgerişlerden çekinmezlik, öwrenmek we kynçylyklary ýeňip geçmek – Wladimir Komarowyň durmuş ýörelgesine öwrülipdi.

Onuň surata düşüren manzarlary dürli neşirleriň baş sahabyny bezedi we makalalaryň özboluşly bezegini ýetirdi. Wladimir Komarow Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy, şeýle hem ekologiýa fotosuratlar bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy.