logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Zyýada» hususy kärhanasy 20-den gowrak çörek we çörek önümlerini sarp edijilere ýetirýär
  24.02.2023
1366
«Zyýada» hususy kärhanasy 20-den gowrak çörek we çörek önümlerini sarp edijilere ýetirýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan köpugurly «Zyýada» ilata hyzmat ediş toplumynyň çörek we çörek önümlerini öndürýän önümhanasy bu gün Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesiniň ýaşaýjylaryny ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen ygtybarly üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşýar.

Hususy kärhananyň düzüminde Hazar şäherçesinde ýaňy-ýakynda işe girizilen, çörek we çörek önümlerini öndürýän önümhanasynda oturdylan täze innowasion tehnologiýalar daşary ýurtlardan satyn alnypdyr. Önümhananyň işine ussat hünärmenleri häzirki günlerde ýokary hilli çörek we çörek önümleriniň 20-den gowrak görnüşini taýýarlap, olary täzeligi bilen sarp edijilere ýetirmegiň hötdesinden gelýärler. Bu ýerde taýýarlanýan türkmen milli çörek we konditer önümlerini kärhananyň golaýynda gurlan dükana gelýän şäherçäniň ýaşaýjylary we myhmanlary uly höwes bilen satyn alýarlar.