logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Tebigat /Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi
  09.11.2026
12
Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi

2026-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurtda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

 

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi gatnaşdy.

 

Ählihalk bag ekmek çäresi Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, tebigy baýlyklary gorap saklamaga, ýaşyl zolaklary giňeltmäge we daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

Ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek çäreleri täze seýilgähleri we tokaý zolaklaryny döretmäge, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ýaş nesliň arasynda tebigata aýawly garamak medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär.