Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Haýyrly senagat» hususy kärhanasynda pomidor ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen täze ýyladyşhana toplumy işe girizildi.
Täze toplumyň umumy meýdany 22 gektara barabar bolup, kärhananyň çäginde miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça 3 gektar ýer hem bölünip berildi.
Ýyladyşhana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Toplumda ornaşdyrylan awtomatlaşdyrylan kompýuter dolandyryş ulgamy ösümlikleriň kadaly ösmegi üçin zerur bolan temperatura, çyglylyk we beýleki şertleri gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde öndüriljek pomidorlar içerki bazara iberilmek we daşary ýurtlara eksport etmek üçin niýetlenendir.
Täze ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ahal welaýatynyň we Kaka etrabynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
«Haýyrly senagat» hususy kärhanasynyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, kärhana 2020-nji ýylda döredilip, oba hojalyk önümçiligi, şol sanda ýyladyşhana şertlerinde pomidor ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Mundan başga-da, kärhananyň iş ugurlaryna dokma senagaty we halkara bölek satuw söwdasy girýär.
Ýazjemal ARÇALYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.