logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Sports /Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular
  13.07.2026
538
Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular

2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, jemi 415 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Hökümet mejlisinde şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri baradaky hasabatynda habar berdi.

 

Hasabatda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek hem-de türgenler üçin döwrebap şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Munuň netijesinde milli ýygyndy toparyň agzalary halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, diňe iýun aýynyň dowamynda 114 medal gazanmagy başardylar. Şeýlelikde, ýylyň ilkinji alty aýyndaky gazanylan medallaryň umumy sany 415-e ýetdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilikleri mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini nygtady hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi.

 

Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanan bu üstünlikleri ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini subut edýär. Gazanylan ýeňişler bilen sport ussatlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys şeýle hem olara ýeneki bäsleşiklerde-de şowlulyklary arzuw edýäris.

 

Aýlar ANNAREJEPOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.