«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de önümçilik üçin zerur enjamlary satyn almak bilen bagly resminamalara gol çekildi. Bu barada çärä gatnaşýan «Biznes Türkmenistan» internet neşiriniň habarçysy maglumat berdi.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasynyň (CNOOC) arasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki toplumlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanda nebitgaz hyzmatlary we degişli enjamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda özara düşünişmek Ähtnamasy baglaşyldy.
Turbalaryň dürli görnüşlerini we ölçeglerini satyn almak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Özbegistanyň «Galperin adyndaky Daşkent zawody» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň bilelikdäki kärhanasynyň arasynda şertnama baglaşyldy. Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň «TENERGY TIANJIN CO., LTD» kompaniýasynyň arasynda hem turba üpjünçiligi boýunça şertnama gol çekildi.
Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Gazagystanyň «KSP Steel» jogapkärçiligi çäkli şereketiniň arasynda sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak barada şertnama baglaşyldy.
Enekäbe BATYROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.