Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) çaklamalaryna görä, häzirki wagtda güýçlenýän El-Ninýo hadysasy soňky dört onýyllygyň dowamynda hasaba alnan görkezijilerden hem ýokary derejä ýetip biler. Bu barada guramanyň Baş sekretary Seleste Saulo Ženewada Global möwsümleýin klimat boýunça täze çaklamanyň tanyşdyrylyşynda mälim etdi.
Seleste Saulonyň bellemegine görä, El-Ninýo hadysasynyň iň ýokary derejesine 2026-njy ýylyň ahyrynda ýetmegine garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, onuň howa şertlerine ýetirýän täsirleri bu döwürden soň hem dowam edip biler.
BMG-niň çaklamasyna görä, hadysanyň esasy täsir edýän sebitleriniň biri bolan tropiki Ýuwaş ummanynda deňiz üstüniň temperaturasy 2026-njy ýylyň noýabr aýyndan 2027-nji ýylyň ýanwaryna çenli adaty görkezijiden 3,8 gradus Selsiýa çenli ýokary bolup biler.
Guramanyň duýdurmagyna görä, El-Ninýonyň güýçlenmegi dünýäniň dürli künjeklerinde howply meteorologik hadysalaryň ýüze çykmak ähtimallygyny ýokarlandyryp biler. Gündogar Afrikanyň käbir sebitlerinde güýçli ygallar we suw joşmalary bolup bilse, Günorta Afrikada gurakçylyk töwekgelçiligi artar.
Günorta-Gündogar Aziýada howanyň aşa gyzmagy we ygalyň azalmagy mümkin. Amerikanyň käbir sebitlerinde bolsa güýçli ýagyşlar ýa-da uzak wagtlap dowam edýän gurakçylyk ýaly howa hadysalaryna garaşylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy ýurtlary howply tebigy hadysalar barada ilaty öz wagtynda habardar etmek üçin irki duýduryş ulgamlaryny kämilleşdirmäge we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy güýçlendirmäge çagyrdy.
Maksat SÄHETMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.