logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
  27.10.2026
14
Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýyny we tazysyny ýetişdirmek: taryh, medeniýet we sungat» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä kinologlar, seçgiçilik we weterinariýa ugurlarynyň hünärmenleri, professor-mugallymlar hem-de bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

 

Maslahatyň dowamynda uniwersitetiň Medeniýet merkezinde ýörite sergi hem guraldy. Onda genetika, weterinariýa we tohumçylyk boýunça döwrebap okuw gollanmalary, şeýle-de türkmen alabaýynyň taryhy keşbini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

 

Ylmy maslahatyň esasy meseleleri türkmen alabaýynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda hereket edýän ýöriteleşdirilen kinologiýa merkezlerinde seçgiçilik hem-de tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek bilen bagly boldy.

 

Çärä gatnaşyjylar «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň hem-de türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň milli kinologiýanyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

 

Maslahatyň ahyrynda daşary ýurtlaryň kinologik birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara göçme sergileri geçirmek we sebitiň gadymy it tohumlarynyň özboluşly genofonduny gorap saklamak boýunça bilelikdäki ylmy barlaglary giňeltmek meselelerine garaldy.

 

Pirhan DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.