logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Ähli eýýamlaryň we ynsanlaryň şahyry
  15.04.2023
970
Ähli eýýamlaryň we ynsanlaryň şahyry

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy halkymyzyň guwanjyna, buýsanjyna, şan-şöhratyna öwrülen milli şahyrdyr. Onuň umman ýaly döredijiligi adamzadyň bagtyýar ýaşaýyş durmuşy hakdaky arzuwlara beslenendir. Şeýle bolansoň, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, ynsanperwerlige ýugrulan, edep-terbiýä öwrülen şahyrana setirleri dünýä ýaýylýar.

Magtymguly Pyragy özünden ozalky söz ussatlaryndan parasatly pikirleri bilen öňe saýlanyp, türkmenleri bir bitewi döwlet gurmaga çagyran beýik akyldardyr. Ol öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryny wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş edipdir.

Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýär. Ol bu temadan «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Depe nedir, düz nedir», «Öňi-ardy bilinmez», «Döker bolduk ýaşymyz», «Gidiji bolma», «Gözlär men», «Başy gerekdir», «Mert bolmaz» ýaly birnäçe goşgular döredipdir. Magtymguly türkmeniň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr.

Magtymguly türkmen taýpalaryny birleşdirmek bilen, halkyň asuda ýaşamagyny gazanmak bolar diýen netije gelipdir. Bu ideýa şahyryň «Türkmeniň», «Döker bolduk ýaşymyz», «Türkmen binasy» ýaly şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.

Magtymgulynyň watançylyk, gahrymançylyk temada ýazan eserleri taryhy taýdan anyklygy, takyk manysy, çeper obrazlara baýlygy bilen-de tapawutlanýar. Magtymguly Pyragy ähli eýýamlaryň we ynsanlaryň şahyrydyr. Şahyryň türkmen iliniň üsti bilen bütin adamzada azat, erkin bolmak baradaky şu setirlerdäki ýüzlenişi ony tutuş dünýäniň halklarynyň şahyrynyň derejesine göterýär. 

 

Aýşa MUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.