2026-njy ýylyň 7–9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejeli birnäçe duşuşyklar, maslahatlar we medeni çäreler geçirildi. Üç günüň dowamynda dürli ýurtlaryň wekilleri saglygy goraýyş, demografik ösüş, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, sebitleýin hyzmatdaşlyk we medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
7-nji oktýabrda zenanlaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuna bagyşlanan halkara dialog, şeýle hem saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligi boýunça maslahatlar geçirildi. Olarda ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, durmuş ösüşiniň möhüm meselelerini çözmek we halkara tejribäni öwrenmek bilen bagly ugurlara üns berildi.
Şol gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Suw hojalygy boýunça hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak we sebitde durnukly ösüşi goldamak duşuşygyň esasy ugurlarynyň hatarynda boldy.
8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Şeýle hem halkara çäreleriň çäklerinde GDA ýurtlarynyň we Eýranyň milli tagamlarynyň festiwaly hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Bu çäreler gatnaşyjylara dürli halklaryň aşhana däpleri we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljekki döwürde bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meselelere garaldy.
«Awazada» geçirilen üç günlük çäreleriň mazmunynyň dürli ugurlary öz içine almagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýokary derejeli duşuşyklar bilen birlikde, saglyk, demografiýa, suw serişdeleri we medeni miras ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy halkara hyzmatdaşlygyň diňe ykdysady ýa-da resmi gatnaşyklar bilen çäklenmeýändigini görkezýär.
Bu çäreler hünärmenleriň we dürli ýurtlaryň wekilleriniň tejribe alyşmagyna, umumy meseleler boýunça pikirlerini paýlaşmagyna hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmegine şert döretdi.
Gözel Agaýewa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby