logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti
  15.10.2026
13
Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti

Tebigaty goramak diňe bir aýratyn çäreleriň ýa-da hünärmenleriň alyp barýan işleriniň netijesi däldir. Ol suw serişdelerine, topraga, ösümliklere we haýwanat dünýäsine jogapkärli çemeleşmekden başlanýar. Bu düşünje Hazar deňzi ýaly özboluşly ekoulgamlar üçin has-da möhümdir.

 

Hazar deňzi dürli görnüşli balyklaryň, ösümlikleriň we beýleki janly-jandarlaryň ýaşaýan gurşawydyr. Onuň tebigy deňagramlylygynyň bozulmagy diňe bir biologik dürlüligiň azalmagyna däl, eýsem balykçylyk, syýahatçylyk we kenarýaka hojalyklarynyň işine hem täsir edip biler. Şonuň üçin deňziň suwunyň arassalygyny saklamak we tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak umumy wezipe bolup durýar.

 

Awazada geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde deňziň biologik baýlyklaryny goramak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we ekologik meseleleri bilelikde çözmek boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem Hazar deňziniň suw serişdelerini goramak boýunça döwletara maksatnamany taýýarlamak başlangyjy goldanyldy.

 

Deňziň hapalanmagynyň öňüni almakda önümçilik we durmuş galyndylaryny dogry dolandyrmak, hapa suwlary arassalamak hem-de kenarýaka zolaklarda arassaçylygy berjaý etmek möhüm çärelerdir. Oba hojalygynda hem suw we toprak serişdelerini goramak, dökünleri hem-de ösümlikleri goramak serişdelerini kadaly ulanmak arkaly daşky gurşawa düşýän agramy azaltmak bolýar. Bu çäreler ekologiýa taýdan durnukly önümçiligiň möhüm bölegidir.

 

Agroekologiýanyň esasy ýörelgeleriniň biri tebigy serişdeleriň arasynda sazlaşygy saklamakdan ybaratdyr. Suwuň we topragyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek, hapalanma çeşmelerini azaltmak, suw tygşytlaýjy usullary ulanmak hem-de biologik dürlüligi goramak bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.

 

Ekologiýa medeniýetini ösdürmekde bilim edaralarynyň, alymlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem paýy uludyr. Ilatyň arasynda tebigaty goramak boýunça düşündiriş işlerini geçirmek, ýaşlarda jogapkärli garaýşy kemala getirmek we ylmy maglumatlary giňden ýaýratmak oňyn netijeleri berýär.

 

Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramak diňe şu günüň däl, eýsem geljegiň hem möhüm meselesidir. Tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek arkaly bu gymmatly ekoulgamyň durnuklylygyny gorap saklamak mümkin.

Şapyýewa Ogulşat
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Agroekologiýa fakultetiniň mugallymy