Paýtagtymyzda Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäklerinde hünär başarnyklaryny ösdürmek meselesine bagyşlanan DARYA sebit maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi öz işine başlady.
Möhüm ähmiýete eýe bolan bu çäräniň birinji gününde ulag-logistika pudagy üçin kämil işgärleri taýýarlamak, hünär bilimi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen bagly işlere seredildi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş edip, halkara we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ulag arabaglanyşygynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtady. M.Bäşimowa ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegi üçin diňe bir döwrebap infrastruktura däl, eýsem, zerur hünär başarnyklaryna eýe bolan ýokary derejeli işgärleriň hem bolmalydygyny belledi.
Häzirki wagtda adam maýasyny ösdürmegiň, hünär bilimi ulgamyny ilerletmegiň we zähmet bazarynyň döwrebap talaplaryny nazara almak bilen hünärmenleri taýýarlamagyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriň hatarynda durýandygy bellenildi.
Toparyň mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda tejribe alyşmaga, döwlet, bilim edaralarynyň, hususy pudagyň özara gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem hünär başarnyklary ösdürmek babatda sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Hemişelik Bitaraplyga eýe bolan halkymyzda parahatçylyk, ykdysady ösüş, abadançylyk ýaly ýörelgelere aýratyn gadyr goýulýar. Geçirilýän bu çäre hem şol ählumumy gymmatlyklary aýawly saklamakda, olaryň işini ösdürmekde, geljekde öňde goýlan maksatlara üstünlikli amal etmekde ähmiýetliligi bilen tapawutlandy.
Serdar ÝAZJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.