logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Tebigat /Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar
  15.10.2026
13
Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar

Hazar deňzi diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, eýsem özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen hem tapawutlanýar. Onuň ekologiýa ýagdaýy kenarýaka ýurtlaryň tebigatyna, ykdysadyýetine we ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsir edýär. Şonuň üçin deňziň suw derejesiniň üýtgemegini öwrenmek we onuň ekoulgamyny gorap saklamak häzirki döwrüň möhüm ekologik meseleleriniň biridir.

 

2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa sammitinde hem bu meselä aýratyn üns berildi. Duşuşykda suw derejesiniň peselmegi bilen bagly ýagdaýlary öwrenmek we degişli çözgütleri taýýarlamak üçin ýörite topar döretmek, onuň işine alymlary, ekologlary we beýleki hünärmenleri çekmek teklip edildi.

 

Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi kenarýaka ýerleriň ýagdaýyna, ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýyş gurşawyna täsir edip biler. Deňziň käbir ýerlerinde suwuň çekilmegi balyklaryň köpelýän ýerlerine, suw guşlarynyň mesgenlerine we kenarýaka tebigy zolaklara howp döredýär. Şol sebäpli bolup geçýän üýtgeşmeleri yzygiderli gözegçilikde saklamak möhümdir.

 

Bu ugurda ylmy barlaglaryň netijeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Suwuň derejesini, temperaturasyny, duzlulygyny we kenarýaka zolaklaryň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmek ekologik üýtgeşmeleriň sebäplerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýle maglumatlary deňizýaka ýurtlaryň arasynda alyşmak bolsa umumy meseleleriň çözgüdini tapmaga ýardam edýär.

 

Hazar deňziniň ekologiýa meseleleri bir ýurduň çäkleri bilen çäklenmeýär. Şonuň üçin suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tebigy baýlyklary goramak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki ylmy işleriň ösdürilmegi zerurdyr. Sammitde öňe sürlen başlangyçlar hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär.

 

Tebigy baýlyklary goramak geljekki nesilleriň öňündäki möhüm jogapkärçilikdir. Hazar deňziniň häzirki ýagdaýyny ylmy taýdan öwrenmek we netijeli çäreleri işläp taýýarlamak onuň özboluşly ekoulgamyny geljekde hem aýawly saklamaga esas döredýär.

Serdar Hojageldiýew
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Agroekologiýa fakultetiniň mugallymy