Tebigatyň baýlygy diňe bir onuň gözelliginde däl, eýsem, adamzadyň ýaşaýşy üçin döredýän mümkinçiliklerinde hem görünýär. Arassa suw, hasylly toprak, dürli ösümlikler we haýwanlar tebigy deňagramlylygyň möhüm bölekleridir. Olary gorap saklamak diňe bir ekologlaryň ýa-da degişli edaralaryň işi bolman, eýsem, tutuş jemgyýetiň öňünde duran umumy wezipedir.
Soňky ýyllarda dünýäde tebigy baýlyklaryň azalmagy, tokaýlaryň ýitmegi, suwlaryň hapalanmagy, çölleşme we howanyň üýtgemegi ýaly meseleler biologik dürlüligi goramak baradaky aladalary has-da güýçlendirdi. Şonuň üçin köp ýurtlar tebigy ýerleri goramak, seýrek görnüşleriň ýitip gitmeginiň öňüni almak we zaýalanan ekoulgamlary dikeltmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirýärler.
Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen Kunmin–Monreal ählumumy biologik köpdürlülik çarçuwaly maksatnamasy bu ugurdaky möhüm halkara başlangyçlaryň biridir. Onda 2030-njy ýyla çenli gury ýerleriň we deňizleriň azyndan 30 göterimini gorag astyna almak, şeýle hem zaýalanan tebigy ulgamlaryň azyndan 30 göterimini dikeltmek maksady öňe sürülýär. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde geçirilýän COP17 maslahaty hem ýurtlaryň bu maksatlara ýetmek boýunça gazananlaryny seljermek we geljekki çäreleri kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup durýar.
Türkmenistanda hem tebigy baýlyklary gorap saklamak, ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ähmiýetini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň goldawy bilen biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça 2026–2035-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy täzelenýär. Bu işlerde ýurdumyzyň dürli sebitleriniň tebigy aýratynlyklaryny nazara almak, gorag çärelerini kämilleşdirmek we tebigatyň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmek meselelerine üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Ýerewan şäherinde geçirilen Biologik köpdürlülik boýunça Liderler sammitine gatnaşmagy hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyçlara goşant goşýandygyny görkezýär. Sammitde tebigy ekoulgamlary goramak, ekologik taslamalary goldamak we döwletleriň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tebigaty goramak uly maksatnamalardan başlanýan hem bolsa, onuň netijesi her birimiziň gündelik hereketlerimize-de baglydyr. Suwy tygşytlamak, galyndylary daş-töwerege taşlamazlyk, agaçlara we ösümliklere aýawly çemeleşmek, ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerini goramak umumy işe goşulýan möhüm goşantdyr. Tebigy baýlyklary şu gün aýap saklamak bilen biz geljekki nesiller üçin hem sagdyn we ýaşaýşa baý dünýäniň galmagyna şert döredýäris.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby