Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şu ýyl GDA-da biziň ýurdumyz başlyklyk edýär. Türkmenistan bu möhüm wezipä örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Şu maksat bilen döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli konsepsiýa işlenip düzüldi. Häzirki wagtda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde ykdysady durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär.
GDA formaty agza döwletlere netijeli dialogy gurmak, kooperasiýa zynjyrlaryny ösdürmek hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamak üçin köptaraplaýyn meýdançany üpjün edýär.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi onuň Arkalaşykdaky netijeli ornuny kesgitleýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, möhüm ykdysady we ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Türkmenistanyň garaýyşlary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we her bir gatnaşyjynyň bähbidine hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar.
Hemişeki bolşy ýaly, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri strategik çözgütleri işläp düzmek, Arkalaşygyň uzak möhletli gün tertibini kesgitlemek üçin platforma bolup çykyş edýär. Bu ýokary derejedäki sammitlerde bitewi ykdysady giňişligi kemala getirmek, önümçilik kooperasiýasyny çuňlaşdyrmak, ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyz öz üstüne başlyklyk wezipesini almak bilen, Arkalaşykda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen konsepsiýany işläp taýýarlady.
Eziz BEŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.