Dil halkyň içki dünýäsi, ruhy gymmatlyklary we taryhy ykbalynyň jemidir. Halk nähili pikir edýär, nämä ynanýar, durmuşa nähili garaýar – bularyň ählisi onuň dilinde öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin “dil – halkyň ruhy keşbiniň aýnasydyr” diýen pikir çuň many-mazmuna eýedir.
Her bir söz, nakyl, atalar sözi halkyň başdan geçiren taryhy wakalaryndan, durmuş tejribesinden we ahlak ölçeglerinden habar berýär. Türkmen halkynyň dilinde mähir, sabyr, myhmansöýerlik, edep-ekram ýaly häsiýetleri aňladýan sözleriň köplügi halkymyzyň ruhy dünýäsi barada aýdyň düşünje berýär.
Dil arkaly nesilleriň arasynda ruhy baglanyşyk saklanýar, milli özboluşlylyk nesilden-nesle geçýär. Dil ýitirilse ýa-da öz manysyndan daşlaşsa, halkyň ruhy keşbi hem gowşaýar. Şonuň üçin ene dilini goramak, ony ösdürmek we ýaş nesle arassa görnüşde öwretmek milli ruhy goramagyň esasy şertidir.
Halkyň ruhy keşbi diňe taryh kitaplarynda däl, onuň gündelik dil ulanyşynda hem janly saklanýar. Adamlar biri-biri bilen nähili gepleşýär, nähili sözleri saýlaýar, duýgularyny nähili aňladýar – bularyň ählisi halkyň ruhy derejesini görkezýär. Türkmen dilindäki çeper sözleýiş halkymyzyň içki dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gülnar BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.