logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
  31.05.2025
891
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýar çagalyk döwrüniň we arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülmegi bilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanyp, çagalar üçin ähli şertleri bolan döwrebap çagalar baglary hem-de mekdepler yzygiderli gurlup, peýdalanmaga berilýär. Bu işler Garaşsyzlygymyzyň taryhynda möhüm orun eýeleýär.

 

Çagalaryň we eneleriň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak maksady bilen, degişli kanunçylyk bazasy kämilleşdirilýär, durmuş ýeňillikleri döredilýär we «Ene mähri» saglyk merkezleri işe girizilýär. Bu çäreler ýaş nesliň sagdyn ösmegine we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

 

Her ýylyň 1-nji iýun güni tomus paslynyň başlangyjy bilen utgaşyp, Çagalary goramagyň Halkara güni hökmünde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu sene tomus dynç alyş döwrüne gabat gelýändigi üçin çagalaryň şatlygyny has-da artdyrýar.

 

Çagalar — ýurdumyz üçin beýik geljekdir. Halk arasynda aýdylýan «Bal süýji, baldan bala süýji» diýen pähim hem körpe nesle goýulýan sarpanyň beýanydyr. Ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň» ýaly parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny goldamak we köp çagalylygy höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

 

Döwletimiz her bir çaga üçin hukuklarynyň doly üpjün edilmegini, sagdyn ösmegini, bilim-terbiýe mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny we maşgalasynda hem-de jemgyýetde bagtly ýaşamagyny gazanmak ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýär.