logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /11-nji aprelde Arkadag şäherinde iş orunlarynyň ýarmarkasy guralýar
  09.04.2024
840
11-nji aprelde Arkadag şäherinde iş orunlarynyň ýarmarkasy guralýar

2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Arkadag şäherinde boş iş orunlarynyň tanyşdyryş çäresi geçiriler. 

 

Boş iş orunlarynyň ýarmarkasy Arkadag şäheriniň Maliýe we bank toplumynyň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda geçiriler.

 

Gyzyklanma bildirýän raýatlardan ýanlarynda şahsyýetini tassyklaýan şahadatnamasynyň, şeýle hem eger bar bolsa, hünärini tassyklaýan resminamanyň bolmagyny soraýar.

Habarlaşmak üçin:

Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi: Arkadag şaýoly, 26-njy jaý; telefon belgisi – 57-23-11

 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti: Arkadag şaýoly, 32-nji jaý; telefon belgisi – 57-18-76

 

Bu çäre Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti tarapyndan guralar.