logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /14-15-nji fewral aralygynda Stambul gaz sammiti geçiriler
  31.01.2023
1290
14-15-nji fewral aralygynda Stambul gaz sammiti geçiriler

Stambulda 14-15-nji fewral aralygynda Ýakyn Gündogaryň, Ortaýer we Hazar sebitleriniň gaz öndüriji ýurtlarynyň we Ýewropanyň gaz sarp ediji döwletleriniň gatnaşmagynda Stambul gaz sammiti geçiriler. «Anadolu» agentligi habar berýär.

Habarda, Türkiýe Omandan ýylda 1,4 milliard kub metr gaz satyn almak üçin 10 ýyllyk şertnama baglaşmaga taýýarlanýandygy barada hem aýdylyp geçilýär.

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Ankara Bolgariýa bilen birlikde Demirgazyk Makedoniýa, Rumyniýa we Moldowa gaz ibermek meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkiýäniň Russiýa tarapyndan teklip edilen gaz merkezi taslamasy boýunça işe başlandygyny mälim etdi.