logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /14-nji maýda «Central Asia Houseware» halkara sergisi öz işine başlar!
  13.05.2023
831
14-nji maýda «Central Asia Houseware» halkara sergisi öz işine başlar!

2023-nji ýylyň 14-17-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän «Atakent» sergi merkezinde «Central Asia Houseware» atly öý hojalyk önümleriniň we durmuş elektronikasynyň 20-nji halkara sergisi geçiriler. Bu sergä gatnaşmak üçin türkmen telekeçileri hem çagyryldy.

Serginiň esasy maksady şol bir ugurda iş alyp barýan hünärmenler üçin köpugurly işewürlik platformasyny döretmek bolup durýar.

Şeýle hem sergi oňa gatnaşyjylara öz önümlerini görkezmäge, täze işewürlik gatnaşyklary gurmaga, eksport-import şertnamalary baglaşmaga, bazary we bäsdeşlige ukyplylygy öwrenmäge hem-de Merkezi Aziýa bazarynda işewürlik döretmäge amatly şert döreder.

Sergi dünýäniň dürli künjeginden öndürijileri we distribýutorlary bir ýere jemläp, onuň dowamynda gap-gaç önümleri, öý tehnologiýalary, öý goşlary, plastmassa önümleri we sowgatlyk önümler ýaýbaňlandyrylar.