logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /1530 sany adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
  24.09.2022
1050
1530 sany adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurdumyzda ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 28167 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem 4438 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.


Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüz tutmalary hasaba alnan 1530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekillerini raýatlyga almak üçin degişli işler geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüz tutmalary hasaba alnan 315 adamyň, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlary we 23 milletiň wekilleri hasaba alyndy.


Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan Permanyň we Kararyň taslamasy hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalara gol çekdi.