logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /2023-nji ýylda geçiriljek «Ýüpek ýoly» awtoralli ýaryşynyň senesi mälim edildi
  17.11.2022
1104
2023-nji ýylda geçiriljek «Ýüpek ýoly» awtoralli ýaryşynyň senesi mälim edildi

2023-nji ýylda geçiriljek «Ýüpek ýoly» awtoralli ýaryşynyň geçiriljek senesi mälim edildi. Ýaryş 2023-nji ýylyň 6-15-nji iýuly aralygynda geçiriler. Awtoralli ýaryşy Kazan şäherinden başlap, Moskwada tamamlanar. Ýaryş Russiýa Federasiýasynyň 13 subýektiniň üstünden geçer.

Umuman alanyňda, ýaryşyň dowamlylygy 10 gün bolar, şol döwürde ýaryşa gatnaşyjylar 5230 kilometr ýoly geçmeli bolarlar. Bu ýoluň 2350 kilometri ýokary tizlikli ýörite ýol, galan bölegi bolsa dürli kynçylykly we päsgelçilikli ýol bolar.

Belläp geçsek, «Ýüpek ýoly» awtoralli ýaryşy 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döredildi.