logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Halkara uçuşlar üçin petekler 30% arzanlar
  21.12.2022
1219
2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Halkara uçuşlar üçin petekler 30% arzanlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, halkara gatnawlar üçin petekleriň bahasyny 30% arzanladar.

Petekler onlaýn görnüşinde satyn alnan halatynda bahasy arzanladyş bilen 30,97 göterime deň bolar. Biletleri kassalardan nagt satyn alnandan ol 2,5 göterim gymmat bolar. 

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyna görä petekleriň bir ugur üçin hasaplanan bahasy: 

Aşgabat (ASB) — Dubaý (DXB): 3893 manat (5639 manat 80 teňňe);
Aşgabat (ASB) — Stambul (IST): 4878 manat (6658 manat 80 teňňe);
Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME): 4911 manat (6682 manat 10 teňňe);
Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN): 4887 manat (6667 manat 60 teňňe);
 

Belläp geçsek, «Türkmenistan» awiakompaniýasy häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.