logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /2023-nji ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy!
  10.04.2023
1723
2023-nji ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy!

Gün tutulma hadysasy elbetde astronomiki hadysadyr, ýöne käbir döwletlerde bu tebigy hadysa dini we ruhy tarapdan örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Saklanyp galan hindi golýazmalaryna görä, Gün tutulmagy tebigatyň adam durmuşyna göni we gytaklaýyn täsir edýän gaty möhüm tebigy hadysasydyr.

2023-nji ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy 20-nji aprelde bolar. Bu tutulma Günorta Ýuwaş umman sebitiniň Kamboja, Hytaý, ABŞ, Singapur, Taýland, Antarktida, Awstraliýa we Wýetnam ýaly köp ýurtdan görner. Gün tutulmagynyň birnäçe sagatlap dowam etjekdigi çaklanylýar. Astronomlar tebigy hadysa amala aşýan wagty näsaglara we göwreli aýallara seresap bolmalydyklaryny mälim edýär.

20-nji aprelde boljak Gün tutulma hadysasy gibrid görnüşde bolar. Ýagny gibrid Gün tutulma hadysasy ýyllyk we tutuş tutulmanyň utgaşmasydyr. Bu örän seýrek tebigy hadysa bolup, mundan ozal 10 ýyl öň 2013-nji ýylyň 3-nji noýabrynda bolup geçdi.

Geljekde şeýle gibrid Gün tutulma hadysasy 2031-nji ýylyň 5-nji noýabrynda bolar. 

 

Şemşat ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň uly mugallymy.