logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
  30.03.2024
1340
2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň halkara abraýy günsaýyn ilerleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz dünýäniň iri halkara guramalary we döwletleri bilen özara hem-de köpugurly hoşniýetli hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Hususan-da, bu babatda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda öz üstüne ýüklenen wezipe borçlaryny mynasyp derejede ýerine ýetirip, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ählitaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz özüniň parahatçylyk döredijilik şertlerini BMG-niň esaslandyran Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirýär. 

 

Watanymyz dünýäde parahatçylygy dörediji, ony ýaýradyjy döwlet hökmünde giňden tanalýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden taryhy resminamasyna laýyklykda, “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň bir agyzdan kabul edilmegi bahar paslynyň toýly günleriniň dabaralaryny artdyrdy. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň dünýä ykrarnamasyna eýe bolmagy bitaraplygyň oňyn ýörelgelerinden gözbaş alýar.  Türkmenistan dünýä boýunça ýüze çykýan möhüm meseleleriň çözülmegine ýakyndan ýardam edýär. Barha rowaçlanýan, täze başlangyçlar bilen ilerleýän halkara hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär.

 

Şamaral GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.