Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
  01.01.2025
2399
2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.


Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.


Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, her ýyl ýurdumyza aýratyn many-mazmun berýän at dakmak asylly däbe öwrüldi. Bu däp türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny görkezýär.


Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda 2025-nji ýyl resmi taýdan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyryldy.


Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň we dünýä döwletleriniň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri geçirilmegi meýilleşdirilýär.


Döwlet Baştutanymyz bu dabaralary ýokary derejede guramak üçin ýörite Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini belläp, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.