logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler
  21.07.2022
1271
2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde, Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirerler. Ýaryş 2025-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda ýerleşýän Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, resminama bilen sambo boýunça DÇ-25-iň guramaçylyk komiteti döredildi hem-de terjimeçiler hökmünde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny meýletinçileriň işine çekmek tabşyryldy.